17-nji dekabrda “Iş Nokady” koworking merkezinde okuw treningi geçiriler

Nädip peýdaly endigi hemişelik kemala getirmeli?

• Endik 21 günde kemala gelýär

• Bir günüňi ýitiren bolsaň- hemme zat ýitdi diýip bilersiň!

• Düzgün-tertip we erk-isleg esasydyr...

Size şu jümleler tanyşmy? Jogabyňyz “Hawa” bolsa, onda Siz özüňizi kämilleşdirmegiň ýolunda uly kynçylyklara duş geldiňiz.

Gynansakda, endikler bilen işlemekde köpsanly ýalňyş pikirler bar, olar hem bu meseläniň çözülmezligine eltýär.

17-nji dekabrda “Iş Nokady” koworking merkezinde okuw treningi geçiriler, bu ýerde sertifikatlaşdyrylan “Soft skills” tälimçisi Döwran Halow endikleri kemala getirmek baradaky şu we beýleki ýalňyş pikirleri aradan aýyrar we gatnaşyjylar bilen öz tejribesini paýlaşar.

Döwran Halow köp ýyl bäri şahsy kämilleşme we hünär ussatlygy boýunça treningleri geçirmek bilen meşgullanýar.

Trening:

  • Ertirden, duşenbeden, täze ýyldan başlamak we henizem ...“başlamak” isleýänlere
  • Durmuşyny gowy tarapa üýtgetmäge çalyşýanlara
  • Gymmatly wagtyny şowsuz synanyşyklara sarp etmek islemeýänlere gyzykly bolar.

Geçiriljek senesi: 17-nji dekabr.

Geçiriljek wagty: 18:30 – 20:00.

Bahasy: 60 tmt.

Treninga gatnaşmak diňe ýazylyşyk arkaly!

Treninga gatnaşmaga şu telefon belgi arkaly ýazylyp bilersiňiz:

+993 12 46-81-65

+993 61 34-93-58