Autsorsing hyzmatlary, önümçilik-telekeçilik işiniň haýsy hem bolsa belli bir ugry we görnüşi boýunça şertnama esasynda ýerine ýetirilýär. Hyzmatlar, taraplaryň özara ylalaşan şertlerine görä, kesgitli döwür üçin bellenen töleg tölemek şerti bilen (hatda şol döwrüň dowamynda şol hyzmatlara isleg bildirilmedik hem bolsa), autsorser-kompaniýa tarapyndan edilýär.
Autsorsing hyzmatlaryndan, esasanam, biznesiň üstünlikli bolmagynyň esasy faktory hökmünde, biznesiň alnyp barylmagy üçin çykdajylary azaltmaklyk, diýip hasaplaýan täze kompaniýalar tarapyndan peýdalanylsa ýerlikli bolýar.
Munuň özi dürli serişdeleri tygşytlamak bilen birlikde, hyzmatlaryň bahasyny arzanlatmaklyga, işgär sanyny we goşmaça edilýän çykdajylary azaltmaklyga, kompaniýanyň özüne gönüden-göni girdeji getirýän işlerine esasy ünsüni gönükdirilmegine mümkinçilik berýär.
Autsorsing, munuň özi, haýsy hem bolsa bir gurama tarapyndan şertnama esasynda özüniň önümçilik-telekeçilik işiniň kesgitli görnüşiniň ýa-da funksiýalarynyň, şol ugur boýunça işleýän başga kompaniýanyň hünärmenlerine berilmegi we geljekde biznes çözgütlerini çözmek boýunça işleriň şol kompaniýa tarapyndan ýerine ýetirilmegini göz öňünde tutýar.
munuň özi, infrastrukturany tehniki taýdan üpjün etmekligi amala aşyrmak babatda hyzmatlardan peýdalanmaklygyň has giň çygryny öz içine almak bilen, oňa aşakdakylar girýär:
Kowoking-merkezi özüniň platformasynda “1C Buhgalteriýa” programma üpjünçiligini hödürleýär.
Kowoking-merkezi özüniň platformasynda “1C Resminama dolanyşygy” programma üpjünçiligini hödürleýär.