Koworking merkezimiz - Aşgabatdaky iň uly biznes merkezleriniň birinde ýerleşýär. Koworking merkezinde özüňize täze müşderileri, hyzmatdaşlary, pikirdeş adamlary we dostlary tapyp bilersiňiz. Bu ýere, dürli-dürli hünärler we ugurlar boýunça zähmet çekýän, dürli pikirli adamlar ýygnanyşýarlar we özara pikir alyşýarlar, hut şol mynasybetli iş öndürijiligi ýokarlanýar.
Koworking merkezimiziň baş maksady, kiçi we orta telekeçilik subýektlerini döretmek we ösdürmek üçin amatly şertleriň formirlenmeginiň hasabyna adamlarda höwes döretmek, şeýle hem geljekde Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda şahamçalary açmakdyr. Koworking merkezine baryp gören her bir adam, özüni ösen we döwrebap adam hökmünde duýup biler.
Ähli amatlyklar döredilen, enjamlar bilen enjamlaşdyrylan mejlisler otagy.
Ýörite siziň üçin!
Arkaýyn we netijeli işlemek mümkin bolar ýaly, bir adamlyk ýörite enjamlaşdyrylan kabina.
Kabinanyň artykmaçlyklary!
Arkaýyn we netijeli işlemek mümkin bolar ýaly, gepleşikleri geçirmek üçin niýetlenen ses geçirmeýän ýörite enjamlaşdyrylan kabina.
Kabinanyň artykmaçlyklary!